Rumyniýa, Türkmenistan, Azerbaýjan we Gürjüstan Hazardan Gara deňze çenli ýük gatnawy marşrutyny döredýär

4-nji martda Buharestde Rumyniýanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň DIM-leriniň başlyklary duşuşyp, Hazar deňzi bilen Gara deňziň aralygynda ýük gatnawy marşrutyny döretmek barada maslahat etdiler we taraplaryň bu taslamany iň gysga möhletlerde durmuşa geçirmek niýetlerini tassyklaýan jarnama gol çekdiler diýip, ТАСС habar gullugy haba berýär.

Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu duşuşygyň netijeleri boýunça çykyş edip, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ähli tehniki meseleleri ýüze çykarmk we çözmek üçin ekspertler derejesinde iş toparyny döretjekdiigini aýtdy.

“Marşrut Rumyniýanyň, Gürjüstanyň, Azerbaýjanyň we Türkmehistanyň geografiki ýakynlygyna, Rumyniýadaky Konstansa, Gürjüstandaky Poti, Azerbaýjandaky Baku we Türkmenistandaky Türkmenbaşy portlarynyň mümkinçiliklerine, Konstansa porty bilen Dunaý derýasynyň arasyndaky baglanyşyga we soňra ýewropa kontinentinde Merkezi we Demirgazyk Ýewropa ýol açýan içerki derýalara we kanallara esaslanýar” diýip, rumyn DIM-niň başlygy aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ulag geçelgesini döretmek boýunça duşuşyk geçirildi
Ulag geçelgesini döretmek boýunça duşuşyk geçirildi
01.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
07.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
YKDYSADY ÖSÜŞLER ROWAÇLYGYŇ BINÝADY
Ulag diplomatiýasynyň geljegi