24-nji noýabrda Rumyniýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda 22,59 göterim ses bilen garaşsyz dalaşgär Kelin Jorjesku ýeňiş gazandy. Ýurduň häzirki Premýer-ministri, Sosial-demokratik partiýanyň başlygy Marçel Çolaku bolsa, 19,55 göterim ses bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda 17,94 göterim ses bilen “Rumyniýany halas ediş bileleşigi” liberal partiýasynyň başlygy Ýelena Laskoni gelýär.
Aşa sagçy dalaşgär “Rumynlaryň agzybirligi üçin bileleşigiň” başlygy Jorj Simion 14,18 göterim ses bilen dördünji orunda gelýär.Saýlawlara gatnaşyk 52,40 göterime deň boldy. 62 ýaşly Kelin Jorjeskunyň bilimi boýunça agronomdygy habar berilýär. 2000-nji ýyllaryň ortalarynda ýurduň Daşary işler ministrliginiň bölümleriniň birine ýolbaşçylyk etdi, soňra BMG-de daşky gurşawy goramak boýunça dürli wezipelerde işledi.
Durnukly ösüş boýunça bilermen hökmünde tanalýan Jorjesku birnäçe gezek Premýer-ministr wezipesine dalaşgär görkezildi.Prezidentlige dalaşgäriň hiç biriniň saýlawlaryň birinji tapgyrynda sesleriň 50 göterimden gowragyny almandygy sebäpli, saýlawlaryň ikinji tapgyry 8-nji dekabrda geçiriler. Ýurtda ses bermäge hukugy bolan 18 milliondan gowrak saýlawçy bar.
Döwletiň iň ýokary wezipesine dürli partiýalardan 14 dalaşgär gatnaşdy. Ýurtda Prezident saýlawlary her 4 ýyldan geçirilýär.Kanun çykaryjy häkimiýet iki palatadan ybarat bolup, Senatdan (176 orun) we Wekiller palatasyndan (412 orun) ybaratdyr.
Günorta-Günbatar Ýewropada ýerleşýän Rumyniýanyň 19 milliondan gowrak ilaty bolup, ilat sany boýunça Ýewropada dokuzynjy orny eýeleýär.Paýtagty Buharest. Ýurduň 42 sany dolandyryş-çäk birligi bolup, günorta-gündogaryny Gara deňzi ýuwýar.
Ukraina, Moldawiýa, Wengriýa, Serbiýa we Bolgariýa bilen araçäkleşýär. Ýurt öz garaşsyzlygyny 1877-nji ýylyň 21-nji maýynda jar edýär. /* custom css */ .td_uid_15_6744690364b67_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6744690364b67_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }