Ruhubelent etrabynda gije-gündiziň dowamynda 1150 kub metr agyz suwy arassalanýar

Ruhubelent etrabynda gije-gündiziň dowamynda 1150 kub metr agyz suwy arassalanýar

Ruhubelent etrabynyň Agyzsuw müdirliginiň hasabyndaky suw arassalaýjy desgalaryň 2-si şäher we oba ilatyny arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Gije-gündiziň dowamynda 1000 kub metr agyz suwuny arassalaýan zawod etrap merkezinde, kuwwatlylygy 150 kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desga Tünüderýa geňeşliginiň çäginde ýerleşýär.

Ruhubelent şäheriniň ýylsaýyn artýan ilatynyň içimlik arassa suwa bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, müdirligiň hasabynda hereket edýän dikguýularyň 8-si, bir sany suw ýygnaýjy howdan, şeýle-de uzynlygy 54 kilometre golaý bolan suw geçirijiler peýdalanylýar.

Suw desgasynyň eýeçiligindäki ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň 4-si arkaly Was düzlügindäki obalaryň hersiniň ýaşaýjylaryna takyk kesgitlenen günlerde arassa agyz suwuny eltip bermek ýola goýuldy.

Müdirligiň işgärleri suw alynýan dikguýynyň suwunyň üznüksizligini, onuň düzüminiň arassalygyny saklamakda zerur çäreleri amala aşyrýarlar. Guýularyň çäklerinde arassaçylyk işleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bu ýerde tapgyrlaýyn zyýansyzlandyrmak, suwy sarp ediş ulgamyna bermäge taýýarlamak boýunça tehnologik işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatlylar dört gün bäri suwsuz kösenýär
Gripp ýarawsuzlygynyň aýrylmagy üçin tebigy çözgütler
Maryda pagta ýygymy üçin býujet işgärlerinden ýene pul toplanýar
Güýz paslynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar
Nädip has köp suw içmegi endik edinmek barada 4 maslahat
Pasyl çalşygynda bedeniň berk bolmagy üçin näme etmeli?