Ruhani: Pars aýlagyndan suw geçirmek meýilnamasy ýurduň gündogarynda özgerişe sebäp bolar

Ruhani: Pars aýlagyndan suw geçirmek meýilnamasy ýurduň gündogarynda özgerişe sebäp bolar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pars aýlagyndan we Oman deňzinden suwy merkeze we gündogar sebite geçirmek meýilnamasyny ýurduň deňagramly ösüşi üçin örän uly we taryhy meýilnama hökmünde häsiýetlendirdi.

Hasan Ruhani, ýekşenbe güni önümçilik ösüş üçin paýhas we umyt döwletiniň 57-nji hereketinde Pars aýlagynyň we Oman deňziniň suw geçirijisiniň 5 böleginiň Hormozgan, Kerman, Ýazd, Isfahan, Günorta Horasan, Horasan Razawi we Sistan we Bulujystan welaýatlaryna ulanyşa beremek dabarasynda beren gürrüňlerinde bu döwletiň suw we toprak babatynda görýän çärelerine salgylanyp,soňky sekiz ýylda suwda we toprakda böküş däl-de, uly ynkylap boldy diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Şaban aýynyň gelmegini gutlap: “Pars aýlagyndan we Oman deňzinden suwy ýurduň merkezi welaýatlaryna we gündogar sebitlerine geçirmek boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilendigini aýtmak bilen häzirki wagtda, bu suw geçiriji liniýalar üçin zerur nasoslary gurmak boýunça bilimli kompaniýalarda ýurdumyzyň ýaşlarynyň edýän tagallalary we başlangyçlary netijesinde biz garaşsyz bolduk diýip nygtady.

Bu milli taslamalara bir ýüz ýigrimi sekiz müň milliard toman maýa goýuldy we 54 müň adama hem iş pursaty döredendir.

Agyz suwy we magdançylyk pudagynyň tarapyndan talap edilýän suwy üpjün etmek bu taslamalaryň esasy maksatlarydyr.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky Hüjümleri Dowam Edýär
Çaý Eksportundan 19,8 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Astanada Hazar konwensiýasyna gol çekiljegine 'ynanmak kyn'
Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan Respublikasynyň bäşinji üç taraplaýyn ýygnagy