Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Halkara Adalat Kazyýetiniň Gaagada ABŞ-a garşy çykaran karary Eýran Yslam Respublikasy üçin ýene bir üstünlik bolandyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni sözüniň dowamynda Amerikalylar bu syýasy söweşde müňlerçe dürli hünärmenleri ulanýandyklaryna garamazdan, çäkli mukdarda diplomatlarymyz bilen söweşe girdik we ýeňiş gazandyk diýip yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Mundan ozal Eýranyň ABŞ sanksiýalaryna garşy kazyýet işinde, Gaagadaky Halkara Adalat Kazyýeti müňlerçe amerikan aklawçysynyň mobilizlenmegine garamazdan ABŞ-nyň ynsanperwerlige garşy ähli sanksiýalary derrew ýatyrmalydygy barada karar berdi elbetde, amerikalylar oňa amal etmän täze jenaýat etdiler diýip beýan etdi.
Ruhani sözüniň dowamynda häzirki döwürde Amerikalylar kazyýetiň Eýranyň arzasyny diňläp bilmejekdigini subut etmäge synanyşdylar; yöne düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna garşy ses berildi we bu Eýran Yslam Respublikasy üçin uly kanuny üstünlik boldy we milletimiziň beýikdigini, bilimli ýaşlarymyzyň diplomatiýa, hukuk we tehniki meselelerde üstünlik gazanandygyny görkezdi diýdi.
Çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Halkara Kazyýetiniň Gaagada 1955-nji ýyldaky Maudut konwensiýasyny bozmak meselesinde çykaran kararyny yglan etdi diýmek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň deslapky garşylyklaryny ret edip, kazyýet özüni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetine garşy kazyýet işine garamaga ygtyýarly hasaplady we şeýlelik bilen kazyýet işi düýpli diňlenişige girer diýdi.