Redaksiýamyza Russiýanyň Рубеж gözleg toparynyň wekili Polina Nikolaýewna Smirnowadan hat geldi, toparyň agzalary ýazky gözleg işleri wagty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolan iki esgeriň we bir şepagat uýasynyň süňklerini tapypdyrlar.
Medalýony boýunça olaryň ikisiniňem Türkmenistandandygy anyklandy. Gulluga Daşhowuzdan (häzirki Daşoguzdan) çagyrylan Lutfilin Mutygyň garyndaşlary tapyldy. Ýöne Halyý Kalbyýewiň maşgalasy barada hiç hili maglumat ýok.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň arhiwiniň magluamtlaryna görä, Halyý Kalbyýew 1911-nji ýylda doglan, gulluga TSSR-iň Aşgabat şäher harby wekilligi tarapyndan çagyrylan bolmaly, soňky gulluk eden ýeri 150-nji aýratyn brigada. Onuň maşgalasy Botanika bagynyň töwereginde ýaşapdyr. Halyý Kalbyýewiň garyndaşlaryndan biri, zenan maşgala Kamal Hazybaýewanyň ady bize mälim.
Biz parahatçylygyň we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna şirin janyny pida edenleriň ýagty ýadygärliginiň öňünde borçludyrys. Bu şu gün biz şol gahrymanlaryň biri-- Halyý Kalbyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. Hormatly okyjylar, belki siziň biriňiziň Kamal Hazybaýewanyň garyndaşlaryny gözläp tapmaga kömegiňiz deger. Biz islendik maglumat üçin minnetdar bolardyk.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň arhiwinden alnan maglumatlar:
ID 51278257
Familiýasy: Kalbyýew
Ady: Halyý
Doglan senesi/Ýaşy: “___”------“1911
Doglan ýeri: Aşgabat ş.
Gulluga çagyrylan ýeri: Türkmenistan SSR-i, Aşgabat oblasty, Aşgabat ş. Aşgabadyň ŞHW
Soňky gulluk eden ýeri: 150-nji aýratyn brigada
Harby çini: gyzyl esger
Hasapdan çykarylmagynyň sebäbi: wepat bolan
Hasapdan çykarylan wagty: 1942-nji ýylyň 19-njy awgusty
Ilki jaýlanan ýeri: Smolensk oblasty, Karmanowo raýony, Karmanowo obasynyň demirgazygragy
Maglumat alnan çeşme: GMMA
Maglumat çeşmesiniň fondunyň belgisi: 58
Maglumat çeşmesiniň ýazgysynyň belgisi: 818883
Maglumat çeşmesiniň iş belgisi: 1690