RSFSR-iň Ýokary Sowetiniň iň soňky başlygy Hasbulatow aradan çykdy

RSFSR-iň Ýokary Sowetiniň iň soňky başlygy Hasbulatow aradan çykdy

RSFSR-iň Ýokary Sowetiniň iň soňky başlygy Ruslan Hasbulatow Podmoskowýedäki daçasynda, 80 ýaşynda aradan çykdy diýip, MIR 24 habar berýär.

Hünäri boýunça hukukçy bolan Hasbulatow geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ýurdy gurşap alan syýasy özgerişlikler wagtynda wezipe edindi.Russiýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary, soňra başlygy boldy. 1991-nji ýylyň awgustyndaky putç — döwlet agdarylyşygy wagtynda ol dildüwşüjilere, ýagny GKÇP-ä garşy çykyş etdi.

Soňra Sowet Soýuzynyň ýatyrylýandygy barada Belowež ylalaşygyny goldady.Emma ol Boris Ýelsiniň syýasaty bilen ylalaşman, oppozisiýa gitdi. 1993-nji ýylyň güýzünde olaryň garşylygy has ýitileşdi.

Men ýolbaşça wepaly bolmak terbiýesini alan adamdym. Ony ynandyrmaga jan ederdim, deputatlaryň hüjüminden goraýardym. Haçanda ony işden aýyrmak meselesi ýüze çykanda, men muňa ýol bermedim. Almytymy-da aldym, ol meni türmä atdy diýip, Hasbulatow şol çylşyrymly ýyllar barada ýatlamalarynda gürrüň bererdi.

Ýokary Sowet Ýelsini işden aýyrmak we onuň wezipe ygtyýarlylyklaryny wise-prezidente bermek barada karar kabul etdi. Hasbulatowy tussag etdiler. Ol bäş aýdan soňra günäsi geçilip, azatlyga goýberildi. Tizara ol syýasaty goýdy we Plehanow adyndaky uniwersitetde dünýä ykdysadyýeti kafedrasyna ýolbaşçylyk etdi. Ruslan Hasbulatow şu gün, 5-nji ýanwarda dogduk watany Çeçenistanda ýerlener.

Ýene degişli makalalar

Kumyk Türkçesi
Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi
Daşoguz welaýatynda demirýolyçy maşgalalaryň jemi 64-si ýokary amatlyklary bolan täze jaýlara göçdüler
Aşgabatda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenleriň dünýä dolan ykbaly, Bitarap Watanym Türkmenistanym atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Halklaryň dostlugy ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili atly ýaşlaryň halkara maslahaty geçirildi