Rowaýaty derwezeçi 20 ýyldan soň ilkinji klubuna dolandy

/* custom css */ .td_uid_19_60cb3b6f45aef_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60cb3b6f45aef_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Futbolyň rowaýaty ýyldyzlaryndan, italiýaly meşhur derwezeçi Janluiji Buffon 20 ýyldan soň professional karýerasyna başlan topary “Parma” dolandy. 43 ýaşyndaky weteran derwezeçi täze möwsümde “Serie B”-de çykyş etjek “Parma” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. 1995-nji ýylda “Parmada” futbola başlan Buffon 2001-nji ýyla çenli bu klubda oýnady. Şondan soň şol döwrüň rekord bahasyna Ýuwentusa transfer boldy.

Goja Sinýoranyň düzüminde-de 2018-nji ýyla çenli çykyş eden Buffon 1 ýyllyk PSŽ-de oýnanyndan soň ýene-de 2019-njy ýylda “Ýuwentusa” dolandy.Serie A-da iň köp duşuşyk geçiren oýunçy rekordynyň eýesi bolan (657 oýun) Buffon “Ýuwentus” bilen 10 çempionlyk gazandy.

Buffon “Parmada” 220 oýun geçiripdi we Italiýanyň Kubogyny, Super Kubogyny hem-de UEFA Kubogyny gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler
50 oýundan soň, ilkinji gezek
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
1100-nji gezek meýdança çykdy, Ronaldo toparyna ýeňiş getirdi
“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri