Rowachlan Galkynysh — Türkmenistanda polipropilen haltalary öndürmekde öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolmak bilen, Rowachpack haryt nyşanly diňe esasy çig maldan bolan önümleri öndürýär.
Göterijiligi 20 kilogramdan 3 tonna çenli bolan dokalan haltalara we big-beg haltalaryna abraýly daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan ulyisleg bildirilýär.
Ürgün ýükleri saklamak üçin niýetlenen Rowachpack haryt nyşanly ak dokma haltalary öndürmekde iň giňden ýaýran materiallaryň biri-de polipropilen sapaklardyr. Olar bolsa kärhana tarapyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan satyn alynýar.
Polipropilenden dokalýan haltalaryň belli bir kesgitlenen ulanylyş möhleti ýokdur, olara hatda gemriji jandarlaram, mör-möjeklerem howp salyp bilmeýär. Olar ekologik, suw geçirmeýän, ýeňil hem berkdirler, şonuň bilen birlikde-de bu haltalaryň özüne düşýän bahasy pes bolup, dürli pudaklarda iň isleg bildirilýän gaplama önümleriniň biridir.
Iň hilli we berk polipropilen haltalary — ak haltalar bolup, olar diňe birinji çig maldan öndürilýär. Has berk hem-de ak bolmagy üçin ilkibaşdaky tapgyrda polipropilen granulalaryna kalsiniň karbonaty goşulýar. Ak haltalar şeýle hem laminirlenen we polietilen örtükli diýen görnüşler diýlip bölünýär. Bularyň birinjisi içindäki zady daşyna dökülmeginden gorasa, ikinjisi ýüki çygdan we hapadan goraýar.
Bu haltalar ýörite aýlaw-dokma enjamynda taýýarlanylýar. Alynýan önüm başsyz we ahyrsyz ýeň görnüşinde öndürilip, ol termo-gaýçynyň kömegi bilen böleklere bölünýär. Tikinçilik ussahanasynda emele gelen böleklerden dürli ululykdaky sumkalar tikilýär. Taýýar haltalara kärhananyň nyşanlary ýa-da içindäki ýükler baradaky maglumatlar çap edilýär.
Mundan başga-da, polipropilen süýüminden big-begler — ürgün ýükleri gaplamak üçin ýasalýan ýumşak gaplar. Ýönekeý polipropilen haltalardan tapawutlylykda, onuň kuwwaty (20 kg-dan 3 tonna çenli), şeýle hem ýörite tutawaçlaryň ýerleşdirilmegi — ýüklenýän ýerleriniň we harytlary ýüklemek üçin ýokarky ýa-da aşaky lýuklarynyň bolmagy.
Rulonlarda dokalan haltalary öndürmekde LohiaCorp kompaniýasynyň iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanylýar. Matanyň ini 56 ± 1 sm bolanda, olaryň dykyzlygy şular ýaly bolup biler: 58 = 3gr m2, 65 = 3 gr m2, 75 = 3 gr m2, 48 = 3 gr m2, 64 = 3 gr m2. Şeýle hem matanyň ini 50 ± l bolan ýagdaýynda, haltalaryň dykyzlygy 58 = 3 g / m2 bolýar.
Rowachlan Galkynysh HK-nyň önümlerini şu telefon belgileri arkaly sargyt edip bilersiňiz: (+993 62) 60 68 80, (+993 64) 97 14 78 hem-de (+993 12) 29 39 33. Elektron poçta salgysy: rowaclangalkynysh@gmail.com.
Şeýle-de okaň: