Rowachlan Galkynysh TSSE-de geçýän sergide gaplama önümleriniň üstünliklerini tanyşdyrýar

Rowachlan Galkynysh TSSE-de geçýän sergide gaplama önümleriniň üstünliklerini tanyşdyrýar

Rowachpack haryt nyşanly polipropilen gaplama önümlerini öndürýän öňdebaryjy Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylaryň hatarynda önümlerini tanyşdyrýar.

Sergide Rowachlan Galkynysh önümleriniň ähli görnüşlerini: big-beg gaplaryny, polipropilen haltalaryny, ýeň görnüşli rulonlary, çyglylyga garşy durnukly haltalary we beýleki gaplama önümlerini köpçülige ýetirýär.

Rowachlan Galkynysh — bu diňe bir polipropilen gaplaryny öndürmek bilen çäklenmän, eýsem önümçiligini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýär:

Bu günki günde Rowachlan Galkynysh kärhanasynyň önümleri GDA ýurtlarynyň köpüsine üstünlikli eksport edilýär.

Kärhananyň ýakyn geljek üçin meýilnamasy — täze bazarlara çykmak: ABŞ-a, şeýle hem Gündogar we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna önümleri eksport etmek.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň diwarlygyny 5-nji aprele çenli Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasyna baryp görüp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Ýörite geýimler dünýäsi HK myhmanhana-restoran işewürligi (HoReCa) üçin geýimleri tikmek hyzmatyny hödürleýär
Türkmen BerkMetal Türkmenistanda ekologik taýdan howpsuz öý himiýa serişdelerini öndürýär
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Russiýanyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan sylaglanyldy
Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy
Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar
Ýönekeý HK: Hytaýyň orta we ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek edýär