Rowachlan Galkynysh köpugurly we tygşytly polipropilen ýeňlerini hödürleýär

Rowachlan Galkynysh köpugurly we tygşytly polipropilen ýeňlerini hödürleýär

Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy azyk we azyk däl önümler üçin amatly bolan Rowachpack haryt nyşanly gaplama önümleriniň giň toplumyny hödürleýär. Bu gaplama önümlerini azyk we beýleki maksatlar üçin ulanmak örän ýerliklidir.

Önümleriň hatarynda — polipropilen ýeňler hem bar. Olar köpugurlylygy, çydamlylygy we ulanylyşynyň aňsatlygy üçin gymmatlydyr.

Satyn alyjylar bu babatda dokma önümini kesmek ýa-da spaýki usuly arkaly ýeňlerden gerekli ululykdaky gaplamalary özbaşdak döredip bilerler.

Rowachpack ýeň gaplamalarynyň özboluşly aýratynlyklary: ini 40 sm-den 200 sm çenli, dykyzlygy 48-den 180 g/m2-e çenli bolýar. Her dolanan önüm agramy we şekilleri bilen bellik edilýär.

Polipropilenden öndürilýän bu ýeňleriň ulanylmagy gaplamak üçin sarp edilýän çykdajylary amatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, sebäbi olar elýeterli nyrhlardan ýetirilýär.

Rowachpack — ýokary hilli gaplama bolup, önümiň saklanylyşynyň we daşalmagynyň ähli tapgyrynda önümleriňiziň howpsuzlygyny üpjün eder.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň habarlaşmak üçin salgylary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Rowachlan Galkynysh HK big-beg gaplarynyň täze görnüşlerini öndürýär
Hilli Rowachpack gaplary — harydyňyzyň ygtybarly goragy
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Rowachlan Galkynysh ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar