Rosteh Türkmenistana gaz turbinaly dwigatelleri iberer

Birleşdirilen dwigatel gurujy korporasiýa (BDGK, Rostehe girýär) Türkmenistana gaz turbinalarynyň önümçilige niýetlenen dwigatellerini (GTD) ibermek boýunça yglan edilen tenderde ýeňiji boldy diýip, Neftegaz.ru habar berýär.

Respublika ilkinji gezek GTD-NK-12ST-e derek NK-14ST dwigateli iberiler.

NK-12ST bilen deňeşdirilende NK-14ST-niň has uly kuwwata we has ýokary peýdaly hereket koefisnetine eýedigi mälim, onuň üýtgedilen akyş bölegi we turbina gurluşy bar.

“Türkmengazyň” kompressor stansiýalarynda Samaranyň “Kuznesow” kompaniýasynyň (BDGK-a girýär) gaz turbinaly dwigatelleri ulanylar.

Kompaniýanyň türkmen partnýorlary bilen hyzmatdaşlygy diňe taýýar önümleriň böleklerini ibermekde däl, esem düýpli bejeriş işlerinde we ätiýaçlyk şaýlaryny ibermekde hem aktiw ösdürýändigi bellenilýär.

Neşir BDGK bilen “Türkmengazyň” arasynda hyzmatdaşlygyň 2011-nji ýylda, GTD NK-12ST-leri ibermek barada baglaşylan şertnamadan başlanandygyny, bu işiň 2013-nji ýylda tamamlanandygyny habar berýär.

Mundan başga, 2012-2013-nji ýyllarda elektrik kuwwaty 2,5 MBt bolan GTES-2,5 awtonom elektrik stansiýalaryny ibermek hakynda hem ylalaşyklara gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Аstrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi
30.01.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
12.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi
Milli ýygyndylarymyzyň täze tälimçileri
19.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynyň öňünde anyk wezipeler goýdy
Berdimuhamedow ÝOJ-laryň rektorlaryna ýurtdaky durmuşy gowulandyrmak üçin programma taýýarlamagy buýurdy