Rosselhoznadzor Türkmenistandan satyn alnan ýüňleriň arassaçylyk kadalaryna laýyklygyny tassyklady

Rosselhoznadzor Türkmenistandan satyn alnan ýüňleriň arassaçylyk kadalaryna laýyklygyny tassyklady

1 14-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk sebiti boýunça Rosselhoznadzoryň hünärmenleri Türkmenistan we Özbegistan Respublikalaryndan Uýanowsk sebitine 5 tapgyrda 97 tonna goýun ýüňüniň eltilmegine gözegçilik etdiler. Bu barada rus elektron neşirlerinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, import edilen ýüňler bildirilýän talaplar boýunça ýuwulýar. Rosselhoznadzoryň hünärmenleri ýüňüň hiline, daşalyşyna we beýleki degişli talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etdiler.

Umuman, ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk sebiti Türkmenistandan we Özbegistandan 56 tapgyrda 1109,4 tonna goýun ýüňüni import etdi.

Rosselhoznadzor edarasy tarapyndan geçirilen gözegçiligiň netijelerine görä, ýüň import edilende weterinariýa-arassaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň nobatdaky tapgyry eltildi
Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblastyna 707,5 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistan Russiýa 700 tonnadan gowrak goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk sebitine 592 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmen häkimiýetleri Russiýa ugry boýunça gök-bakja eksportyny artdyrmak ugrunda tagalla edýärler