“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçen ýyl Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynda çykyş edýän oýunçylaryň arasynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Bu barada rg.ru habar berýär.
Portugaliýaly hüjümçi Italiýanyň çempionatynda 33 pökgi geçirdi. Sanawda oňa iň golaý "Bawariýanyň" hüjümçisi, FIFA boýunça ýylyň oýunçysy Robert Lewandowski ýerleşýär. Polşaly futbolçy Bundesligada 32 pökgi geçirdi. Bu reýtingde üçünji orny Rimiň “Lazio” toparynyň golçusy Çiro Immobile (28) eýeledi. Şeýle hem ilkinji 5-lige hersi 23 pökgi geçiren Mohammed Salah ("Liwerpul") we Erling Holland (Dortmundyň "Borussiýasy") girdi.
Şeýle hem Italiýanyň Oýunçylar Assosiasiýasy milli çempionatyň soňky möwsüminiň netijelerinden soň birnäçe ugurda baýrak almak boýunça dalaşgärleri yglan etdi. Ýeňijiler tälimçilerden, eminlerden we žurnalistlerden ybarat emin agzalary tarapyndan oýunçylara ses bermegiň barşynda saýlanar.
Baýraklar Gran Gala del Calcio dabarasynda gowşurylar.Iň köp pökgi geçiren oýunçylyga dalaşgärleriň arasynda Ronaldu, Zlatan Ibrahimowiç ("Milan") we Romelu Lukaku ("Inter"), iň gowy tälimçilige dalaşgärleriň arasynda bolsa - Jan Piero Gasperini ("Atalanta") we Simone Inzagi ("Lazio") bar.