“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçiren gollarynyň sany boýunça braziliýaly rowaýaty hüjümçi Peleniň yzyndan ýetdi. Bu barada www.championat.com habar berdi.
"Udineze" bilen bolan oýunda Ronaldu resmi oýunlardaky 757-nji pökgüsini tora girizdi.Kriştianu lissabonly “Sportingiň”, “Mançester Ýunaýtediň”, Madridiň “Realynyň” we “Ýuwentusyň”, şeýle hem Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde jemi 1032 oýun oýnady.
Pele bolsa özüniň 757 goluny 812 resmi oýunda geçiripdi. Şeýle hem, dekabr aýynda, Peläniň bir toparyň düzüminde geçiren gollarynyň sany boýunça görkezijisini "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi gaýtalapdy. "Walýadolid" bilen bolan duşuşygyň 65-nji minudynda garşydaşyň derwezesine pökgi geçiren 33 ýaşly argentinaly hüjümçiniň gollary indi Peleniňkiden bir san artyk.
Häzir Messiniň hasabynda 644 pökgi bar, Pele bolsa 643 pökgi geçiripdi.