Angliýanyň Mançester Ýunaýted klubynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu britan žurnalisti Pirs Morgana uly seslenmä sebäp bolan interwýu berdi. Hususan-da, ol toparyň baş tälimçisi Erik Ten Hag barada şeýle diýdi: Men Ten Haga hormat goýamok, sebäbi ol maňa hormatsyzlyk etdi. Eger-de sen maňa hormat goýmasaň, men hiç haçanam hormat goýmaryn.
Ronaldu özüniň şu möwsümdäki oýunlary baradaky tankydy pikirler barada-da durup geçdi. Has takygy, portugaliýaly superýyldyz Runiniň salgysyna aşakdaky sözleri ýollady: Onuň näme üçin meni tankytlaýandygyna düşünemok. Ahmal, ol özüniň karýerasyny tamamlap, meniň bolsa henizem ýokary derejede futbol oýnaýandygym üçin şeýdýändir. Men ondan gowy oýnaýan diýip durjak däl, ýöne bu hakykat.
Ronaldu topardaky ýagdaý dogrusynda hem pikir bildirdi: Pikassonyň aýdyşy ýaly, Haýsydyr bir zady gurmak üçin, başga bir zady ýykmak gerek. Eger M.Ýu bu işi menden başlasa-da, hiç hili garşylygym ýok.
Men topary we onuň janköýerlerini gowy görýän. Olar hemişe meniň tarapymda boldular. Emma toparda nämedir bir zady özgertmek isleseler, olaryň juda we juda köp zady üýtgetmekleri zerur.
Häzirlikçe interwýu dolulygyna çap edilmedi. Diňe gysgajyk bölekler sport saýtlarynda peýda boldy.
Ýeri gelende bellesek, Ronaldu Mançester Ýunaýtediň Fulheme garşy geçen oýnunda gatnaşmady. Ol hatda topar bilen London şäherine-de barmady.