Ronaldu 2020-nji ýylyň “Altyn aýak” baýragyny aldy

Ronaldu 2020-nji ýylyň “Altyn aýak” baýragyny aldy

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ýekşenbe güni “Altyn aýak” (Golden Foot-2020) baýragyny aldy. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

35 ýaşly portugaliýaly ýyldyzyň baýraga mynasyp bolandygy eýýäm 1-nji dekabrda mälim bolupdy, ýöne baýrak oňa diňe şu wagt gowşuryldy.Bu baýrak, dünýädäki janköýerleriň arasynda geçirilen ses berişlige esaslanyp, futbolyň ösmegine ep-esli goşant goşan 28 ýaşdan uly oýunçylara gowşurylýar.

Golden Foot baýragynyň eýeleri öz aýak yzlaryny goýýarlar, soňra ol aýak yzlar Monte-Karlodaky Çempionlar alleýasynda görkezilişe goýulýar.Bu ýyl baýraga Ronaldudan başga-da Lionel Messi, Serhio Ramos, Arturo Widal, Žerar Pike, Robert Lewandowski, Mohamed Salah, Serhio Agüero, Neýmar hem-de Jorjio Kellini dalaş etdi.

Baýrak 2003-nji ýyldan bäri berlip gelinýär, bu döwür içinde oňa Roberto Bajjo, Pawel Nedwed, Andreý Şewçenko, Ronaldo, Alessandro Del Piero, Roberto Karlos, Ronaldinýo, Françesko Totti, Raýan Giggs, Zlatan Ibrahimowiç, Didýe Drogba, Andreas Iniesta, Samýuel Eto'o, Janluiji Buffon, Iker Kasilýas, Edinson Kawani we Luka Modriç mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna mynasyp boldy
Ronaldu - 2020-nji ýylyň "Altyn aýagy"
UEFA Çempionlar ligasy
Iň köp hak töleýän klublar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Ronaldu 36 ýaşady! Oňa öňde ýene nähili rekordlar garaşýar?