Ronaldonyň möwsümdäki 10-njy, “Al Nassrdaky” 30-njy goly

Saud Arabystanynyň çempionatynda 8-nji tapgyryň käbir duşuşyklary geçirildi.Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän “Al Nassr” topary myhmançylykda “Al-Tai” topary bilen duşuşdy.Duşuşyk 2-1 hasabynda riýadlylaryň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykda 38 ýaşyndaky Ronaldo toparynyň ýeňiş gazanmagynda esasy roly oýnady.Ol 32-nji minutda Talişkanyň geçiren golunyň pasyny berdi hem-de 87-nji minutda penaltiden tapawutlanyp, duşuşygy 1 gol, 1 asist bilen tamamlady. Şunlukda, “Al Nassr” ähli ýaryşlary hasaba alanyňda bassyr 9-njy, çempionatda-da 6-njy ýeňşini gazandy.

Duşuşykda “Al-Tai” toparynyň goluny bolsa 79-njy minutda Misidýan geçirdi.

Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany-da 10-a, asistleriniň sany bolsa 4-e ýetdi. Ol “Al Nassrdaky” 30-njy goluny geçirdi (34 oýunda). Şeýle-de, onuň umumylykda klublardaky gollarynyň sany 731-a ýetdi. Ronaldonyň professional karýerasynda umumylykda 854 goly bar.

Ýene degişli makalalar

Kristiano Ronaldo näme üçin karýerasyny tamamlanok?!
Ilkinji gezek gol geçirip bilmedik Ronaldo, şol sanda ýoldaşlary öýlerine dolanmaly boldy
Karwahal hem-de Naço meşhur sanawa giren 12-13-nji futbolçy boldy
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
Ronaldonyň 1200-nji duşuşygy
“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi
16 duşuşyk 48 gol