Ronaldonyň gözýaşlary, Diogo Koştanyň erjelligi we Portugaliýa 7-nji gezek çärýek finalda

EURO 2024-iň 6-njy çärýek finalçysy penaltileriň netijesine belli boldy.Frankfurt şäherinde geçirilen 1/8 final duşuşygynda Portugaliýa bilen ilkinji gezek toparçalardan çykan Sloweniýanyň ýygyndysy duşuşdy.

Portugaliýanyň agdyklyk eden duşuşygynda slowenler garşylyklaýyn hüjümler bilen oýnady. Ýöne 2 tarapa-da esasy wagtda derwezäni sarsdyrmak başartmady.Netijede, goşmaça 30 minut berildi. Şol goşmaça wagtyň ilkinji 15 minudynyň ahyrynda Portugaliýanyň peýdasyna emin Daniele Orsato jerime meýdançasynyň içindäki ak nokady görkezdi.

Bu ýaryşda 14 goly bolan Ronaldonyň ýerine ýetiren penaltisini Ýan Oblak sowmagy başardy. Şol pursatda Ronaldo gynanç gözýaşlaryny döküp, topardaşlary ony kynlyk bilen köşeşdirdi.

Galan 15 minutda-da hasap açylmady. 115-nji minutda Şeşko oýna soňky nokady goýup bilerdi.Emma portugaliýaly derwezeçi ýekeme-ýekä çykan Şeşkonyň urgusyny saklamagy başardy.Oýundan soňky penalti urgulary ýeňijini kesgitlemeli edildi we şeýle netije şu çempionatda ilkinji gezek bolýar.

Ronaldo bu gezek penaltini ýalňyşsyz ýerine ýetirdi.Bruno Fernandeş, Bernardo Silwa hem penalti urgularynda ýalňyşlyga ýol bermedi. Ýöne sloweniýaly futbolçylardan penalti uranlaryň 3-si hem topy derwezä girizip bilmedi. 3 urguny hem Diogo Koşta saklamagyň hötdesinden geldi.

Ol çempionatyň çäginde oýundan soňky penaltilerde 3 urgy saklan hem-de gol geçirtmedik ilkinji derwezeçi bolup, duşuşygyň ýyldyzy saýlandy.Portugaliýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda çärýek final oýunlarynyň geçirilip başlanyndan bäri, ýagny 1996-njy ýyldan bäri (ondan öň ilki 4, soňra 8 topar gatnaşýardy) 7-nji gezek çärýek finala çykdy.

Portugaliýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda çärýek finala iň köp çykan topardyr.Portugallar çärýek finalda anna güni Fransiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Ýewro ― 2024: Fransiýany awtogol, Portugaliýany jerime urgulary çärýekfinala alyp çykdy
Astrolog Täleýnama ýyldyzyna laýyklykda 8-nji martda zenanlar üçin nähili gül çemenini saýlamalydygyny maslahat berdi
Astrolog 2023-nji ýylda Täleýnamanyň ýyldyzlaryna nämeleriň garaşýandygyny gysgaça beýan etdi
Malym halym