Ronaldonyň 100-nji ýeňşi, 102-nji goly hem-de Ramosyň rekordy

Milli ýygyndylaryň ýoldaşlyk duşuşygynda Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Andorradan üstün çykdy.Duşuşygyň 2-nji ýarymynda çykyş eden Kristiano Ronaldo 85-nji minutda tapawutlanmagy başardy.Bu onuň milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen geçiren 102-nji goly boldy. Şunlukda, ýyldyz futbolçy 109 gol geçiren eýranly Ali Daeiniň rekordyna ýene bir ädim golaýlady. Şeýle-de 35 ýaşyndaky Ronaldo milli ýygyndynyň düzüminde 100-nji gezek ýeňiş gazandy.

Ol ispaniýaly futbolçylar Serhio Ramos (129 ýeňiş), Ikes Kasilýas (121) hem-de Hawi Hernandesden soň (100), milli ýygyndyda 100 ýeňiş gazanan 4-nji futbolçy boldy.Soňky 49 oýunda 50 gol geçiren Ronaldo milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen 168-nji oýnuny oýnady.

Ramos Ýewropanyň rekordyna şärik boldy

Niderlandlar bilen Ispaniýanyň 1-1 deňme-deň oýnan duşuşygynda soňky 5 minutda çykyş eden Serhio Ramos 176-njy gezek milli toparyň köýnekçesini geýdi. Şeýlelikde, tejribeli goragçy bu Janluiji Buffon bilen deňleşip, Ýewropanyň rekordyna şärik boldy. Bu ugurda dünýä rekordy 184 duşuşykda milli ýygyndyny köýnekçesini geýen müsürli Ahmed Hassana degişlidir.

The post Ronaldonyň 100-nji ýeňşi, 102-nji goly hem-de Ramosyň rekordy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
“Sewilýanyň” antirekordy, Ramosyň rekordy
Türkmenistan London we Pekin bilen howa gatnawlaryny dikelder, Ýewropa kompaniýasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistana teklip berdi, Aşgabatda Antonio Onoratonyň döredijilik agşamy geçirildi we beýleki habarlar
Super “Barselona”