Ronaldo “Ýunaýtedde” 7-nji belgili köýnekçäni geýmez, ýöne..

Mançester Ýunaýted resmi ýagdaýda ozalky oýunçysy, super ýyldyz Kristiano Ronalo bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi. 36 ýaşyndaky portugaliýaly ýyldyzyň Mançester Sitä geçmän, 12 ýyldan soň, Ýunaýtede dolanmagynda ussat tälimçi Ser Aleks Fergusonyň hem-de milli ýygyndydan topardaşy Bruno Fernandeşiň hem goşantlarynyň bardygy bellenilýär. Ýöne Ronaldo täze klubunda ozal Mançester Ýunaýtedde, Real Madridde we Ýuwentusda çykyş eden döwürlerinde geýen özüniň iň söýgüli belgisi bolan 7-nji belgili köýnekçäni geýip bilmez.

Sebäbi 7-nji belgili köýnekçäni häzirki wagtda Edinson Kawani geýýär.Premier Liganyň düzgünlerine laýyklykda möwsüm başlananyndan soň, oýunçylaryň belgileri çalşylmaýar.Ronaldo diňe Kawani başga topara transfer bolan ýagdaýynda 7-nji belgili köýnekçäni geýip biler.

Kawaniniň bolsa, transfer boljakdygy barada hiç hili gürrüň, hiç hili gymyldy hereket ýok. Şeýlelikde, Ronaldo häzirki wagtda boş bolan 12-nji, 15-nji, 24-nji, 30-njy, 31-nji, 33-nji hem-de 35-nji belgilili köýnekçeleri geýip biler.

Bu barada “goal.com” habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Mançesteriň reňki gyzyl
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Mançester Siti” Guardiolanyň tälimçiliginde ilkinji gezek
Dibala,Neýmar,Jeko
Tanymal tälimçileriň täze toparlary
“Ýunaýted” utuldy, “Siti” çempion boldy