Ronaldo topar satyn aldy

Birwagtlaryň super ýyldyzy, braziliýaly hüjümçi, 42 ýaşyndaky Ronaldo Luis de Nazario de Lima topar satyn aldy.Ol “La Ligada” çykyş edýän “Walýadolid” toparynyň 51 göteriminiň eýeçiligini 30 million ýewro satyn alyp, klubuň başlygy boldy.

Ol: — Bäsleşip biljek güýçli topar gurmakçy bolýarys.Agzybirlikde hereket etsek, bizi ýeňmek kyn bolar.Hemmeler ylaýta-da, toparyň ýolbaşçylary, janköýerleri bu kluby täzeden has güýçli edip, gurmaga ýardam berer diýip, tama edýärin.

Biziň bilen pikirleriňizi, teklipleriňizi, arzuwlaryňyzy paýlaşyp duruň — diýdi.Iň soňky sapar 2013/14 möwsüminde “La Ligada” çykyş eden “Walýadolid” 90 ýyllyk taryhynda 40-njy gezek ýokary ligada oýnaýar.

Ýene degişli makalalar

Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Bürünç önümleri gaýtaryp berer