Ronaldo, Mbappe meýdança çykar, Fransiýa bilen Germaniýa duşuşar

/* custom css */ .td_uid_19_60c8988245ea6_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c8988245ea6_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Ýokary depginde dowam edýän Ýewropa çempionatynyň 5-nji gününde 2 duşuşyk oýnalar.

Olaryň ilkinjisi soňky çempion Portugaliýa bilen Wengriýanyň arasynda bolup, oýun 21:00-da başlanar.Türkiýeli Jüneýt Çakyryň eminlik etjek oýny Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki Puşkaş Arenada oýnalar.Iki topar mundan ozal, 13 gezek duşuşyk şolaryň hiç birinde-de wengerlere ýeňiş gazanmak başartmady. 9 oýunda Portugaliýa ýeňiş gazanyp, 4 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

Duşuşykda Kristiano Ronaldonyň hem çykyş etmegine garaşylýar. Ýewropa çempionatyndaky 24-nji duşuşygyny geçirjek Ronaldo tapawutlanan ýagdaýynda bäsleşigiň iň netijeli oýunçysy ugry boýunça Mişel Platini bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirer.

Fransiýa-Germaniýa 32-nji duşuşyk Toparçalardaky 1-nji aýlawy jemleýän oýun bolsa futbol janköýerleriniň içgin gyzyklandyrýan duşuşyk bolup, finalçy Fransiýanyň ýygyndysy Münhendäki “Allianz Arenada” ýerli Germaniýa bilen güýç synanyşar. Ýarygijede başlanjak oýna ispaniýaly Karlos del Serro Grande eminlik eder.

Bu duşuşyk iki toparyň özara 32-nji oýny bolup, mundan öň Fransiýa 14, Germaniýa 10 gezek ýeňiş gazandy.Gollarda 49-46 fransuzlar öňde.

Ýene degişli makalalar

Çempion giç açyldy, Ronaldonyň täze rekordlary
UEFA “Sewilýa” Ligasy
2023-nji ýylyň sport kalendary
Ýewropa ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrlaryna bije çekildi
Finalda “Sewilýa” bilen “Roma” duşuşar
UEFA Ýewropa Ligasynyň finaly ertir oýnalar