Ronaldo 5-nji gezek Ýewropa çempionatynda, Portugaliýanyň ýygyndysy mälim edildi

Ýewropa çempionatynyň soňky çempiony Portugaliýanyň ýygyndysynyň düzümi mälim edildi.Tälimçi Fernando Santos gutarnykly düzüme super ýyldyz Kristiano Ronaldo, Pepe, Rui Patrişio, Žoze Fonte, Žoao Moutinio ýaly tejribeli hem-de möwsümi üstünlikli geçiren Renato Sançes, Ruben Dias, Andre Silwa, Žoao Feliks, Diogo Žota ýaly futbolçylary düzüme çagyrdy.

Napolide yzygiderli we üstünli çykyş eden Mario Rui, şeýle-de, Sedrik Soares, Andre Gomeş ýaly oýunçylaryň ýygyndynyň daşynda galdy.

Bu çempionat super ýyldyz, taryhyň milli ýygyndylarda iň köp gol geçiren 2 futbolçysy Kristiano Ronaldonyň 5-nji Ýewropa çempionaty, umumylykda 9-njy uly ýaryşy bolar.

DERWEZEÇILER: Rui Patrişio, Antoni Lopes, Rui Silwa

GORAGÇYLAR: Pepe, Žoze Fonte, Rafael Gerreýro, Ruben Dias, Žoao Kanselo, Nelson Semedo, Nuno Mendeş

ÝARYMGORAGÇYLAR: Žoao Moutinio, William Karwalýo, Danilo Pereira, Bruno Fernandeş, Renato Sançes, Ruben Newes, Serjio Oliweira, Žoao Palhinia

HÜJÜMÇILER: Kristiano Ronaldo (k), Bernardo Silwa, Andre Silwa, Gonçalo Gedeş, Rafa Silwa, Žoao Feliks, Diogo Žota, Pedro Gonsalwes

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi
Neýmar hem Saud Arabystanynda
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Gollandiýa Ukraina 28 Sowutly Harby Ulag Berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny