Angliýanyň “Premier Ligasynyň” wekillerinden “Ewerton” toparynyň eýesi täzelendi.Has takygy, maliýe babatda kynçylyk çekýän bu topary amerikan kompaniýasy “Friedkin Group”-yň eýeçiligindäki “Roundhouse Capital” satyn aldy. “Roundhouse Capital” şereketi italýan kluby “Romanyň” hem eýesidir.
Amerikan kompaniýasy “mersisaýdlylary” satyn almak üçin 400 million funt stelingden gowrak pul tölärler. “Roundhouse Capital” bilen klubuň ozalky eýesi asly eýranly britan işewüri Farhad Moşiri sentýabr aýynda klubuň satyn alynmagy bilen baglanyşykly ylalaşyk gazanypdylar.
Moşiri klubuň 94 göterimlik paýnamasynyň eýesidi.Taraplar satyn alyş işini “Premier Liganyň” hem tassyklamagyna garaşýardy. “Forbes” žurnaly esasy merkezi Tehasda ýerleşýän “Friedkin Group” kompaniýasynyň eýesi Dan Fredkiniň 6,16 milliard dollarlyk baýlygynyň bardygyny habar beripdi.
Kompaniýa Mark Wattsy “Ewerton” klubuna iň uly ýolbaşçy edip belledi.Soňky ýyllarda ligada galmak üçin göreşýän “Ewerton” toparyna geçen möwsümde “Premier Liga” tarapyndan maliýe düzgünleri doly berjaý etmändigini göz öňünde tutulyp, utuk aýyrmak jerimeleri berlipdi. /* custom css */ .td_uid_15_67655e821805e_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67655e821805e_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }