Roman Galkin Arkadag toparynyň resmi duşuşyklarynda tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy

Roman Galkin Arkadag toparynyň resmi duşuşyklarynda tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy

23 ýaşly goragçy Roman Galkin Türkmenistanyň kubogynyň ýarymfinalynyň jogap duşuşygynda Arkadag toparyndaky ilkinji goluny geçirdi. Bu duşuşykda Arkadag toparynyň Altyn asyry 4:0 hasabynda utup, iki duşuşygyň netijesi boýunça 8:1 hasabynda finala çykandygyny ýatladýarys.

Şeýlelikde, Roman Galkin döwlet ähmiýetli şäheriň toparynyň düzüminde resmi duşuşyklarda tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy. Toparyň ilkinji 20 golçulyk sanawynyň döremegi üçin 29 duşuşyk gerek boldy.

Sanawyň başyny 35 gol bilen tejribeli hüjümçi Didar Durdyýew çekýär.Ikinji orundaky Begmyrat Baýow ondan 22 gol yzda.Ilkinji üçlügi 9 bilen Şanazar Tirkişow jemleýär. Şeýle hem toparyň resmi duşuşyklarynda 6, 5, 4, 3, we 2 gol geçiren futbolçylaryň her haýsyndan ikisi bar. Ýedi futbolçy bolsa bir gezek tapawutlandy.

Bularyň ählisi jemlenip, Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda derwezelere jemi 105 gol geçirdiler.

Ýene degişli makalalar

Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Sankt-Peterburg Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, Moskwa sirkiniň aristleri Türkmenistandaky çykyşlarynyň maksatnamasyny açdylar, telekeçiler üçin pensiýa gatançlaryny tölemegiň möhleti gelip ýetdi we beýleki habarlar