Londonyň “Çelsi” futbol klubyny satmak baradaky şertnama resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Beýik Britaniýanyň hökümetine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
APL-iň russiýaly milliarder Roman Abramowiçe degişli bolan kluby amerikaly işewür Todd Boeliniň konsorsiumyna satyldy. Öň şertnamanyň bahasynyň 5,33 mlrd dollar bolandygy habar berlipdi. 26-njy fewralda Abramowiç Beýik Britaniýanyň hökümetiniň sanksiýalaryna sezewar bolandygy sebäpli, “Çelsini” dolandyrmagy adybir haýyr-sahawat gaznasyna tabşyrdy.
Onuň aktiwlerine, şol sanda futbol klubuna tussag goýuldy. Ýurduň häkimiýetleri Abramowiçe kluby satmakdan girdeji almagy gadagan etdiler, şol sebäpli şertnama ýatyrylmak howpunyň astynda bolupdy.Abramowiç “Çelsini” 2003-nji ýylda satyn aldy.
Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe klub bäş gezek Angliýanyň çempiony we iki gezek Çempionlar ligasynyň hem Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy.