“Roma” ahmyrdan çykdy

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 4-nji tapgyryň çäginde paýtagty “Roma” topary uly hasaply ýeňiş gazanyp, ahmyrdan çykdy.Ilkinji 3 tapgyrda 1 utuk gazanan Mourinionyň şägirtleriniň “Empoli” toparyna nebsi agyrmady.

Rimliler duşuşykda 7-0 hasabynda üstün çykyp, ilkinji 3 oýunda ýitirilen utuklary ýatdan çykartdy. “Roma” ýeňiş getiren gollary Dibala (2 p, 55), Renato Sanşeş (8), Grassi (35 ö.d.), Kristante (80), Lukaku (82) hem-de Mançini (86) geçirdi.

Duşuşykda rimlileriň täze transferi Serdar Azmun 83-nji minutda Lukakunyň ornuna meýdança girdi.

“Serie A”-da “Ýuwentus” “Lasiony” 3-1, Milan şäheriniň derbisinde “Inter” “Milany” 5-1, çekeleşikli geçen oýunda “Fiorentina” öz meýdançasynda “Atalantany” 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Romadaky ilkinji duşuşygyny geçirdi
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Messiniň 50-nji het-trigi