Rolls-Royce kompaniýasy Beýik Britaniýada ýaşaýşyň aşa gymmatlaýan şertlerinde işgärleriniň aýlyk haklaryny 4% galdyrmak kararyna geldi we hersine 2 müň funt sterling (2,4 müň dollar töweregi) möçberinde birwagtlaýyn pul kömegi berler. Bu barada sişenbe güni Financial Times gazeti ýazdy diýip, TASS habar berýär.
Pul kömegini kompaniýanyň 14 müň işçisi alar.Britaniýanyň premium-klass awtoulag öndürijisiniň ýolbaşçylygy kömek pullaryny awgust aýynda - kärdeşler arkalaşygy bilen ylalaşyk gazanylan dessine töläp başlamagy meýilleşdirýär.Puly ýönekeý işçiler we kiçi menejerler alyp bilýär.
Aýlyk haklarynyň 4% ýokarlanmagy soňky on ýylyň içinde her ýylky iň uly aýlyk galdyrma hasaplanýar.Tutuş çäreleriň toplumy firma 45 mln funt sterlingdenem (54 mln dollar töweregi) köpe düşer. 1-nji aprelden başlap Beýik Britaniýada işgerleriň ähli toparlarynyň güzeran aýlamak üçin zerur girdejisiniň möçberi 10% köpeldildi.
Bu üýtgeşmeler puluň hümmetiniň gaçmagy sebäpli gündelik sarp edilýän harytlaryň bahasynyň galmagy bilen baglydyr.