Roland Garrosda ilkinji gezek türkmen tennisçisi ýaryşar

Roland Garrosda ilkinji gezek türkmen tennisçisi ýaryşar

5 ― 9-njy awgust aralygynda Almaty şäheriniň Gorkiý tennis park kortunda geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky Roland Garros ýaryşynyň saýlama tapgyryna taryhda ilkinji gezek türkmen tennisçisi hem gatnaşar.

Bu abraýly ýaryşda Türkmenistana ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Hasanowyň ýolbaşçylygynda ýaş tennisçi Sabrina Rahmanowa wekilçilik eder.

Ýaryşyň saýlama tapgyrynda Merkezi we Günbatar Aziýanyň 17 ýaşdan kiçi tennisçileriniň iň güýçli 16-sy gatnaşar. Bu ýaryşda Sabrina Rahmanowa 2025-nji ýylda geçiriljek esasy ýaryşa gatnaşmak üçin güýç synanyşar.

Ezber tennisçi bu ýaryşa geçen aýda Özbegistandaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy arkaly taýýarlyk gördi.

Ýene degişli makalalar

5-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Barbora Kreýçikowa "Roland Garros"-da ýeňiji boldy
Nowak Jokowiç ikinji gezek "Roland Garros"-yň ýeňijisi boldy
Rojer Federer şikes sebäpli US Open-i we möwsümiň galan bölegini sypdyrar