
Dünýäniň ikinji raketkasy russiýaly Daniil Medwedew Rolan Garros uly tuwulgasyndaky ýörişini garaşylmadyk ýagdaýda birinji tapgyrda bes etdi.Has takygy, ol turnirdäki ilkinji oýnunda dünýä reýtinginiň 172-nji basgançagyndaky braziliýaly Týago Uaýlddan asgyn geldi. 5 set dowam eden oýun 6/7(5), 7/6(6), 6/2, 3/6, 4/6 hasabynda Medwedewiň ýeňlişi bilen tamamlandy.
Netijede, Medwedew ýaryşy birinji tapgyrda terk etdi.Medwedew mundan ozal şeýle şowsuzlyga 2020-nji ýyldaky Rolan Garros ýaryşynda duçar bolupdy.
Ýaryşy dowam etmäge hukuk gazanan braziliýaly Týago Uaýld ikinji tapgyrda argentinaly Gwido Pelýa bilen güýç synanyşar.