Şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer ABŞ-nyň Açyk çempionatynda (Us Open) we möwsümiň galan böleginde çykyş etmez. Bu barada ol özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. Ol dyzyny operasiýa etdirmekçidigini we soň gutulmak üçin wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy diýip, REGNUM belleýär.
Federer “Wimbledondan” soň korta çykmady, onuň dörtden bir finalynda polşaly Hubert Hurkaçdan ýeňildi. Ondan öň Rojer “Rolan Garrosda” oýnady we 1/8 finala çykdy, ýöne “Wimbledona” taýýarlanmak üçin çykyşyny dowam etdirmekden boýun gaçyrdy.
Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylyň awgust aýynda 40 ýaşan şweýsariýaly tennisçi geçen ýyl dyzyndan iki operasiýa geçirdi we möwsümiň ep-esli bölegini sypdyrdy. Ol Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşmady.
Rojer Federer iki Uly tuwulga ýaryşynda: “Wimbledonda” (2003 2007) we US Open-de (2004 2008) yzygider bäş gezek ýeňiji bolmagy başaran taryhda ýeke-täk tennisçidir. Federeriň hasabynda Uly tuwulga ýaryşlarynda 20 ýeňiş bar.