“Röwşen” nyşanly arassa gönden tikilen aýakgaplaryň görnüşi artdyrylýar

Marynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen “Röwşen” aýakgap fabriginde erkek adamlaryň aýakgaplarynyň täze ýigrimi görnüşi önümçilige ornaşdyryldy. Önümleriň ählisi arassa gönden tikilýär.

Alyjylaryň isleglerine we ýörgünliligne laýyklykda önümleriň görnüşleriniň yzygiderli täzelenip durulmagy, hiliniň ýokarylygy olara ýurduň içinde öňe saýlanamaga we daşary ýurtly alyjylary özüne çekmäge mümkinçilik berdi. Hususan-da, oňa Eýranyň we Owganystanyň kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler.

Mary welaýatynda maldarçylyk hojalyklary we derileri hususy iberijiler bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýan “Maksat Deri” APJ aýakgap tikmek üçin ýokary hilli gön iberýär. Fabrikde köpçülikleýin önümçilikden başga-da, şahsy tabşyryklar boýunça-da aýakgaplar taýýarlanylýar. Kärhanada ýakyn wagtda aýakgaplaryň nusgalaryny we reňklerini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

“KAMAZ” Daşoguz welaýatynda tehniki hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýär
14.11.2020 | Birža täzelikleri
Türkmenistan we Çuwaşiýa Respublikasy özara eksport-import amallaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler
Türkmenistanyň demirýolçylary Russiýa Federasiýasynyň "TRANSMAŞHOLDING" PJ bilen gepleşikleri geçirdiler
Türkmenistanyň we RF-iň Tatarystan Respublikasynyň wise-premýerleri hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Birža täzelikleri
Türkmen wekilýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynda duşuşyklar we gepleşikler geçirdi