Röwşen Meredow Kaganat futbol toparyndaky işi barada gürrüň berdi

Röwşen Meredow Kaganat futbol toparyndaky işi barada gürrüň berdi

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde Kanagatyň baş tälimçisi bolup işlän türkmenistanly hünärmen Röwşen Meredow 7/24 elektron neşiriniň sowallaryna jogap berdi.

— Hawa, Kaganatdan gaýtdym.Klub ýolbaşçylary hem beýlekiler bilen dostlukly hoşlaşdyk.Aslynda, şertnamanyň özem bir ýyllyk baglanyşylypdy we görşümiz ýaly, bir ýyldan soň ýolbaşçylar biraz wagt uly futbol toparyna arakesme bermegi makul bildiler. Şol sebäpden hem, şertnamany uzaltmadyk.

Gyrgyz Respublikasynda geçirilen möwsüm gowy geçdi diýesim gelýär, sebäbi ýaş futbolçylar bilen netijeli işleri etdik, owadan oýunlar görkezdik.Men şägirtlerimdenem, şeýle-de bize şert döredip beren topar ýolbaşçylaryndanam minnetdar ― diýip, tälimçi janköýerleriň gyzyklanýan sowalyna jogap berdi.

Şeýle hem Röwşen Meredow häzir özüne käbir teklipleriň bardygyny aýtdy. Ýöne Daşkendiň Lokomotiwinden teklip gelendigi barada myş-myşlary tassyklamaýandygyny aýtdy.

— Gyrgyz Respublikasynda futbol güýçli depginde ösýär. Şol sebäpli-de, men gyrgyz futbolynyň geljegine uly baha berýärin. Hünärmen hökmünde, galyberse-de, köp ýaşlary özünde jemlän topara tälim beren tälimçi hökmünde ýurduň ýetişip gelýän ýaşlary gyrgyz futbolyny ýokary galdyryp biljek ýigitler diýip bilerin ― diýip, ol Kaganatyň ýakyn geljekde has güýçli topar bolup, çempionata dolanjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Röwşen aýakgaplary Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly sergide önümlerini tanyşdyrýar
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
2050-nji ýyla çenli Merkezi Aziýanyň ilaty 100 milliondan geçer
Türkmen Binasy atly Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen konsert
Şagadam Köpetdagy paýtagtda uly hasap bilen ýeňdi
Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar