Röwşen kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar

Röwşen kärhanasy TSTB-niň sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän serginiň çäklerinde Türkmenistanyň aýakgap önümçiliginde öňdebaryjy Röwşen hususy kärhanasy uly ýaşlylar we çagalar üçin niýetlenen täze döwrebap aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrýar.

Röwşen — bu özüniň ýokary hilliligi, önümçilikde tebigy materiallary ulanýandygy hem-de häzirki zaman moda kybap gelýän dizaýny bilen tanalýan brenddir. Sergide kärhananyň öndürýän aýakgaplarynyň dürli görnüşli nusgalary — dürli ýaşdakylar üçin niýetlenen nusgawy görnüşden döwrebap sport aýakgaplaryna çenli önümleri hödürlenýär.

Sergä gatnaşyjylar brendiň täze önümleri bilen, şeýle hem Röwşen kärhanasynyň taryhy, önümçilik däpleri we gazanan üstünlikleri bilen tanşyp bilerler.

Röwşen HK-nyň önümleri bilen 17-nji martdan 19-njy marta çenli tanşyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar
Röwşen aýakgaplary ITTC-2024 sergisinde önümlerini tanyşdyrýar
TFÇ ― 2024: Altyn asyr Aşgabady ýeňip, ikinji orna gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Sazyň nazaryýeti hepdeligi
Diýarymda joşýar şirin owazlar