Röwşen haryt nyşanynyň erkek aýakgaplarynyň VIP-toplumy täze nusgalar bilen dolduryldy

Röwşen haryt nyşanynyň erkek aýakgaplarynyň VIP-toplumy täze nusgalar bilen dolduryldy

Röwşen hususy kärhanasy hakyky deriden taýýarlanan erkek aýakgaplarynyň naýbaşy toplumynyň düzümini täze nusgalar bilen giňeltdi.

VIP toplumda erkekleriň nusgawy aýakgaplary, oksfordlar, derbiler, mokasinalar we loferler hödürlenýär. Naýbaşy aýakgaplaryň tapawutly aýratynlyklaryna 100 müň ädime çenli çydamly bolan deri petekler degişlidir. Mundan başga-da, daşky we içki bölekler birinji derejeli deriden taýýarlanýar, dabany üçin bolsa güýçli we dykyz deri bölegi peýdalanylýar.

Röwşen haryt nyşanynyň wekiliniň belleýşi ýaly, VIP toplum dolulygyna elde taýýarlanylýar. Röwşeniň naýbaşy nusgalary telekeçilere we iri hususy kompaniýalaryň hem-de döwlet guramalarynyň ýolbaşçylaryna saýlap almak üçin ajaýyp pikir bolar.

Täze nusgalary Röwşeniň Aşgabatdaky we Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndaky dükanlaryndan satyn almak mümkindir.

Röwşeniň Aşgabatdaky dükanynyň salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 (Gadamly binasy). Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.

Welaýatlardaky dükanlaryň telefonlary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary tamamlandy
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Röwşen aýakgaplary täze okuw ýyly üçin ýörite aksiýa yglan edýär
Röwşen aýakgaplary indi Berkarar we Gülzemin söwda-dynç alyş merkezlerindäki Maraton dükanlarynda hödürlenýär
Röwşen dükanlarynda aýakgaplaryň arzan satuwy dowam edýär
Röwşen aýakgaplary Gurban baýramy mynasybetli 10% arzanladyş yglan edýär
Röwşen aýakgaplary erkek aýakgaplarynyň ýaz-tomus görnüşlerni hödürleýär