Röwşen aýakgaplary kärhanasy önümlerini Ak şäherim Aşgabat atly halkara sergide tanyşdyrýar

Röwşen aýakgaplary kärhanasy önümlerini Ak şäherim Aşgabat atly halkara sergide tanyşdyrýar

Ak şäherim Aşgabat atly XXIII köpugurly halkara sergi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemledi. Türkmenistanda aýakgap önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan Röwşen aýakgaplary kärhanasy hem bu giň gerimli sergide önümlerini köpçülige tanyşdyrýar.

Röwşen aýakgaplary — eýýäm köp ýyllardan bäri müşderileriniň rahatlygyny we stilini nazarda tutup, netijeli iş alyp barýan aýakgap kärhanasydyr. Kärhana çagalar üçin sport aýakgaplaryndan başlap, ulular üçin stilli köwüşler we ädiklere çenli maşgala agzalarynyň ählisine niýetlenen köpdürli görnüşli aýakgaplary hödürleýär.

Şeýle hem sergide 2024-nji ýylyň ýaz we tomus möwsümleri üçin niýetlenen erkek aýakgaplarynyň täze kolleksiýasy bilenem tanyşmak bolýar.

Ýene degişli makalalar

Röwşen aýakgaplary: tutuş maşgala üçin amatly bahadan gyş aýakgaplary
Röwşen aýakgaplary kärhanasy önümlerini Özbegistanda geçýän sergide tanyşdyrar
Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
TFÇ ― 2024: Altyn asyr Aşgabady ýeňip, ikinji orna gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Sazyň nazaryýeti hepdeligi