Röwşen aýakgaplary ITTC-2024 sergisinde önümlerini tanyşdyrýar

Röwşen aýakgaplary ITTC-2024 sergisinde önümlerini tanyşdyrýar

Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024 (ITTC-2024) atly halkara sergide Röwşen aýakgaplary pudagyň hünärmenlerini we alyjylary önümleriniň giň görnüşleri bilen tanyşdyrýar.

Kompaniýanyň esasy önümleri hemişe hakyky deriden taýýarlanan aýakgaplardyr. ITTC-2024-de Röwşen aýakgaplary dürli görnüşli deri önümlerini hödürledi. Türkmenhowaýollary milli awiakompaniýa üçin öndürilen, ýokary hili we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan özboluşly daşlyklar hünärmenleriň aýratyn ünsüni çekdi.

Röwşen aýakgaplary awtobuslar we awtoulaglar üçin daşlyklaryň nusgalaryny hem hödürläp, çözgütlerini dürli ulaglara uýgunlaşdyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Sergide port infrastrukturasynyň işgärleri üçin ýöriteleşdirilen, howpsuzlygyň we rahatlygyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän aýakgaplara möhüm orun berildi.

ITTC-2024 sergisine gatnaşmak Röwşen aýakgaplary kompaniýasyna diňe bir önümçilik mümkinçiligini görkezmäge däl-de, eýsem, ýokary hilli deri önümlerini öndürýän ygtybarly türkmen öndürijisi hökmünde abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
TFÇ ― 2024: Altyn asyr Aşgabady ýeňip, ikinji orna gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Sazyň nazaryýeti hepdeligi
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Röwşen aýakgaplary erkek aýakgaplarynyň ýaz-tomus görnüşlerni hödürleýär