Türkmenistanda öňdebaryjy aýakgap öndürijileriň biri bolan Röwşen hususy kärhanasy 19 — 23-nji fewral aralygynda Moskwa şäherinde geçirilýän aýakgaplaryň we aksessuarlaryň Euro Shoes halkara sergisine gatnaşýar.
Häzirki wagtda Röwşen haryt nyşany astynda erkekler we zenanlar üçin dünýäniň ösen tendensiýalaryna laýyk gelýän gündelik nusgawy hem-de sport stilindäki aýakgaplaryň köpdürli görnüşleri öndürilýär.
Röwşeniň önümlerine Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Türkmen brendiniň aýakgaplary Russiýa, Özbegistana we beýleki ýurtlara eksport edilýär.
Röwşen diňe öz önümhanasynda gaýtadan işlenilýän ýokary hilli derileri ulanýar. Aýakgaplaryň tikinçiliginde ulanylýan göwrüm dörediji serişdeler we zerur enjamlar iň gowy italýan öndürijilerinden satyn alynýar. Önümçiligiň her tapgyrynda aýakgaplar kärhananyň dükanlaryna paýlanmazdan ýa-da eksport edilmezden öňinçä, özboluşly hil gözegçiliginden geçirilýär.
Röwşen HK önümleriniň soňky kolleksiýasyna degişli nusgalary görkezilýän D13 diwarlygyna gelip görmäge çagyrýar.