Robotlaryň işleriniň ugurlary giňeýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy özi hereket edýän robotlaryň hyzmatyndan peýdalanmak üçin synag işlerini amala aşyrýar. Şonuň netijesinde, ilkinjileriň hatarynda has zerur bolan önümleriň adamlaryň öýlerine eltip bermek babatda robotlaryň hyzmatyndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Robot oňa zerur bolan önümleri ýerleşdirmek üçin gerekli enjamlar bilen enjamlaşdyryldy we şeýle robotlaryň synagyna başlandy. Ilkinji synag 2014-nji ýylda gurlan Fujisawa akylly şäherinde başlady. 2021-nji ýylyň fewralyndan beýleki şäherlerde hem bu ugurda synaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol wagta çenli robotlaryň eltip bermek hyzmaty boýunça degişli gulluklardan rugsatnamalaryň alynmagy meýilleşdirilýär.

Galyberse-de, Panasonic-iň wekilleri şu ýylyň başyndan bäri döwlet we hususy pudaklary birleşdirýän iş toparynyň hataryna goşuldy. Bu iş topary robotlaryň eltip bermek hyzmaty babatda degişli kanunçylyk namalaryny işläp düzmäge gatnaşarlar.

Robotlaryň eltip bermek hyzmaty uzak aralykdan dolandyrylar. Merkezdäki operator tarapyndan robotyň hereketleri yzygiderli yzarlanar. Robot hem adamyň kömegi bolmazdan, özünde enjamlaşdyrylan tehnologik enjamlaryň saýasynda özbaşdak hereket etmäge synanyşar. Onuň sagatda 4 kilometr menzil geçmegine garaşylýar.

Söýünmyrat REJEPGELDIÝEW,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.

The post Robotlaryň işleriniň ugurlary giňeýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýapon işewürligi ýurduň garraýan ilatyna uýgunlaşýar
“Mazda” elektroulag öndürmekçi
“Panasonic” elektrokar batareýasyny öndürýär
Akylly şäherçe ulanylmaga berildi
Elektroulag satuwy görnetin artdy
Blue Yonder-i satyn alar