Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder

2024-nji ýyldan başlap Seulyň başlangyç we orta mekdeplerinde okuwçylara iňlis dilini öwrenmäge niýetlenen “repetitor robotlar” ulanylyp başlanar. Bu barada “ferra.ru” web saýty habar berýär.

Bu täzelik mekdeplerde iňlis dilini okatmagy güýçlendirmegiň çäginde Seulyň Bilim edarasy tarapyndan mälim edildi. Hususy kompaniýalaryň biri bilen bilelikde işlenip düzülen robotlar synag üçin Seulyň bäş mekdebine ugradylar.

Emeli aňly robotlar mugallymyň kömekçisi hökmünde ýardam berip, okuwçylar bilen iňlis dilinde gürleşip biler. Şeýle-de, robotlar her bir okuwçynyň sözleýşini düzetmek ýaly aýratyn okuwy teklip eder. Synag üstünlikli bolan halatynda, Bilim edarasy repetitor robotlaryň ulanylyşyny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Hyundai Engineering kompaniýasy Türkmengazyň we Türkmenhimiýanyň strategik tenderlerine gatnaşmaklygy maksat edinýär
Abu-Dabide ýangyç guýujy robot peýda boldy
Göreldeli çagalary we ýetginjekleri robototehnika we programmirleme boýunça tölegsiz synag sapaklaryna çagyrýar
Göreldeli bilim merkezi synag sapaklaryna çagyrýar
Aşgabatdaky Robototehnika bilim merkezi okuwlar bilen tanyşlyk sapaklaryna tölegsiz gatnaşmaga çagyrýar
Emeli aňyň ynandyryjylygy güýçli boldy