Robotiki kodlama

Robotiki kodlama

Kodlama başlamak üçin iň gowy ýaş haýsy ýaş aralygy? Çagalar näme üçin Robotiki kodlama öwrenmelidir? Kompýutersiz kodlama bolýarmy?

Radyo: TRT TSR-nyň ähli diňleýjilerine Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinden mähirli salam.Sentýabr aýy bilen birlikde indi täze ýaýlym tapgyryna gadam basýarys. Öňümizdäki ýaýlym tapgyrynda “Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiz bilen ylym, tehnologiýa başda bolmak bilen medeniýet, sungat, bilim, saglygy goraýyş ýaly gündelik ýaşaýyş durmuşymyzyň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýan täze maglumatlary size ýetireris. Şu hepdäniň temasy Geljegiň dili: Robotiki kodlama.

Apple tehnologiýa kärhanasynyň esaslandyryjylaryndan we Ýerine ýetirijiler geňeşiniň ozalky başlygy, 56 ýaşynda aradan çykan milliarder Stiw Jobs, Robotiki kodalama bilen baglanşykly: “Meniň pikirimçe her kim kompýuter programmirlemäni her kim öwrenmelidir. Kompýuteriň dilini öwrenmelidir. Sebäbi ol adamlara nähili pikir etmelidigini öwredýär. Men kompýuter bilimini, sosial bir bilim hökmünde garaýaryn” diýip belläpdi.

Robotiki kodlamany öwrenmeden ozal robotlar barada käbir zatlary bilmegimiz gerek.

Robot gysgaça aýdanymyzda sensorlar tarapyndan Esasy Ýada girýän maglumatlar bilen birlikde ozaldan kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirýän enjam.

Robotlaryň saýasynda indi dünýädäki ençeme iş has ýeňilleşdi. 2017-nji ýylda Hanson Robotiks kärhanasy tarapyndan özgerdilen Sofiýa atly robot, BMG-nyň Galkynyş programmasynyň taryhyndaky ilkinji Innowasiýa çempiony hökmünde saýlandy we BMG tarapyndan at berilen ilkinji “ynsan bolmaýan adam” adyna eýe boldy. Sofiýanyň gelip çykyşynda hiç şübhesiz üstünlik bilen ýerine ýetirilen kodlama bar.

Kodlama başlamak üçin iň gowy ýaş haýsy ýaş aralygy? Çagalar näme üçin Robotiki kodlamany öwrenmelidir?

Kodlama işlerine näçe ir ýaşda başlansa çagalryň mesele çözmek ukyby, analiz etmek başarnygy hem şolar ýaly ir ýetişýär. Mekdebe başlamadan ozal hem şol bilim berilip biliner, sebäbi şol ýaş aralygyndaky çagalar kodlamanyň esasyny öwrenen mahallary, olary tolgundyryjy täp-täze dünýäniň gapylary açylar.

Ýaş beýniler hemişe işjeňdir we täze zatlary çalt öwrenýärler. Çagalar okamagy we ýazmagy öwrenip başlan mahallary, kodlama işlerinede başlap bilerler.

Robotiki kodlama çagalara haýsy endikleri öwredýär?

Robotiki kodlama öwrenen çagalar, güýçli tankydy pikir etmek ukyby bilen birlikde ençeme täze endikleri öwrenýärler. Kodlamanyň esasynda mesele çözmek barlygy sebäpli, çagalaryň beýleki dersleri hem has gowy düşünmäge kömek berýär. Analitiki taýdan pikir etmeklerini üpjün eder. Kodlama öwrenen çagalar, topar bolup edilýän işleriň özenine göz ýetirerler.

Kodlamanyň esasy özeni: Algoritm

Bir işi ýerine ýetirmeden ozal edilen meýilnamanyň ady algoritmdir. Irden turanyňyzdan soň iş ýeriňize ýa-da okuwa gitmeden ozal näme edýändigiňiz hakynda oýlandyňyzmy? Her kimiň ileri tutýan ugry tapawutly bolsada ilkinji bilen el-ýüzümizi ýuwýarys we ondan soň düşeklerimizi tertiplänimizden soň, ertirlik nahar edinýäris. Hawa, aslyna garanyňda bularyň her biri algoritmdir. Ahyrynda ýetjek maksadymyz üçin edýän taýarlyklarymyzyň umumy adydyr.

Kompýutersiz kodlama bolýarmy?

Kompýuteri öwrenmegiň iň ýeňil ýollarynyň biri hem oýun oýnamak usuly arkaly töweregimizde bar bolan materiallary ulanyp, bilesigelijiligi, gyzyklanmany we motiwasiýany artdyrmakdyr.

Okamagy we ýazmagy bilmeýän, çagalar bagyndaky çagalara esasan hem şol usul arkaly robotiki kodlama öwredilýär.

Şahsyýetiň aktiwligiň içinde ulanjak materiallarynyň tapawutly şertlerde rahat ýagdaýda dizaýn edilip bilinmegi gerekdir. Şeýlelik bilen şahsyýetiň bilesigelijiligi we gyzyklanmasy has hem artyp, oýunyň içinde çözüwe gönükdirilen pikirlenmek başarnygy güýçlener.

Robotiki kodlamanyň ýaýbaňlanmagyndan bäri maşgalalaryň gyzyklanýan soragy şeýle: Çagama robotiki kodlamany näçe ýaşynda öwretmäge başlap bilerin, onuň çagama näme peýdasy bolar?

Aslyna garanyňda onuň jogaby çaga görä üýtgeýär. Sebäbi çagalar tapawutly şertlerde ulalýar. Käbir çagalar 6 ýaşynda robotiki kodlamany öwrenmek üçin taýar bolýan bolsalar, käbir çagalaryň oňa 8-9 ýaşynda başlamagy gerekdir. Esasy möhüm zat çagany dogry we laýyk enjamlar bilen tanyşdyrmakdyr.

Habar çeşmesi: TRT Haber

Radyo: TRT TSR-nyňhormatly diňleýjileri, täze ýaýlym tapgyrymyzyň täze gepleşigi bolan “Bilesigelijiniň Bellikleri atly” ilkinji bölümini diňlediňiz. Temanyň tekstini www.trt.net.tr/turkmen saýtyndan hem okap bilersiňiz. Mundan soňky bölümlerde görüşýänçäk çenli, Hoş sag boluň.

Ýene degişli makalalar

Robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer
Tennis oýnaýan robot
Şweýsar alymlary iýdiji robot döretdiler
Ilkinji adamsypat uçarman robot
Robot işgärleriň sany artýar
Ukraina: "Robotine obasy azat edildi" diýdi
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş dowam edýär