Robot işgärleriň sany artýar

Günorta Koreýadaky restoranlarda robot ofisiantlaryň sanynyň artandygy habar berildi.Pandemiýa döwründe adamlaryň galtaşyksyz hyzmata öwrenişmegi soňlugy bilen hem dowam edipdir. Ýurduň ilatynyň azalmagy bilen işgär ýetmezçiligi hem ýüze çykypdyr.

Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde robotlaryň bahasy arzanlapdyr.Koreýanyň robot senagaty bileleşiginiň maglumatyna görä, ýurtda robot ofisiantlaryň sany 2021-nji ýyldakydan 67 esse köpelip, 5 müňe ýetipdir.Bu görkezijiniň ýylyň ahyryna çenli iki esse artyp 10 müňe ýetmegine garaşylýar. Şeýle robotlaryň bahasynyň 10 million wondan (7 müň 460 dollar) 30 million won (22 müň 380 dollar) aralygynda üýtgeýändigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Robot demirýolçy işe başlady
Tennis oýnaýan robot
Şweýsar alymlary iýdiji robot döretdiler
Ilkinji adamsypat uçarman robot
Ukraina: "Robotine obasy azat edildi" diýdi
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş dowam edýär