Robot demirýolçy işe başlady

Tehnologiýa babatda ösen ýurtlaryň biri bolan Ýaponiýa demir ýol gatnawynyň hem ösen ýurdy hasaplanýar. Ýurtda demir ýol infrastrukturasynda işledilmek üçin boýy 12 metre ýetýän äpet robot işlenip taýýarlandy. Ýük ulagyna berkidilen robot demir ýoluň elektrik geçirijilerini abatlaýar.

Ulagdaky operator enjama göz hökmünde ýerleşdirilen kameralary arkaly oňa gözegçilik edýär.Operator munuň üçin hyýaly hakykat äýnegini dakýar.Robot reňk guýlan gutyny, çotgany, byçgyny we ýiti gurallary ulanyp bilýär.

Günbatar Ýaponiýa demir ýollary edarasynyň ýolbaşçysy Kazuaki Hasegawanyň aýtmagyna görä, robot, ilkinji nobatda, elektrik liniýasyna zyýan ýetirip biljek agaç şahalaryny kesmekde we elektrik geçirijilerini abatlamakda peýdalanylar.

Kazuaki bu robotyň işçileriň arasynda ýüze çykyp biljek tok urmak ýa-da gaçmak ýaly hadysalaryň öňüni aljakdygyny mälim etdi. Nippon Signal hem-de Jinki Ittai kompaniýalary tarapyndan işlenip taýýarlanan robot ýurduň garraýan ilaty sebäpli ýüze çykyp biljek işçi ýetmezçiliginiň hem öňüni alar.

Maglumatlara görä, soňky 13 ýyldan bäri ýurduň ilaty azalýar.

Jahan MYRADOWA,

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Meksikada Şeýnbaumyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassykladylar
Braziliýada uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy
Eýranda Heniýeniň öldürilmegi bilen bagly häzirki wagta çenli hiç kim göz tussaglygyna alynmady
Eýranda Ýene-de 1 Adam Asylyp Öldürildi