Robot bäsleşigi geçiriler

23-24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Büzmeýin etrabynyň 97-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda robot bäsleşigi geçiriler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçiriljek bäsleşikde mekdep okuwçylary öz ýasan robotlary bilen tanyşdyryp, ylmy taslamalary bilen çykyş ederler.

Bäsleşik alty ugurda geçiriler: Robot Race robot ýaryşy; Manual Sumo; Auto Sumo; Mars Rover päsgelçilikli robot ýaryşy; Line Follower – ak fonda gara çyzyk yzarlaýan robot ýaryşy; STEM dersleri boýunça ylmy taslamalar.

Ýene degişli makalalar

Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Tennis oýnaýan robot
Şweýsar alymlary iýdiji robot döretdiler
Ilkinji adamsypat uçarman robot
Robot işgärleriň sany artýar
Ukraina: "Robotine obasy azat edildi" diýdi