Robot tehnologiýasy günsaýyn artýar.Indi gündelik durmuşda we önümçilikde fiziki zähmeti ýeňilleşdirýän awtomatlaşdyrylan enjamlardan has köp peýdalanýarys.Dokumental, çeper we reklama filmlerini, şekilli aýdymlary düşürmegi bilen tanalýan iňlis režissýory Toni Keý nobatdaky filminde baş keşbi bir robota ynanar. “American History X”, “Lake of Fire” we “Detachment” ýaly kinolary surata düşüren Keýiň adaty bolmadyk gahrymany “2nd Born” (Ikinji dogluş) filminde peýda bolar.
Eýranly režissýor Ali Atşaniniň düşüren “1st Born” kinosynyň dowamy boljak ekran eserinde çykyş etjek robotyň ilki artistlik synaglaryndan geçiriljekdigi aýdylýar.Häzire çenli robota meňzeş gahrymanlar bolan hem bolsa, kino taryhynda hakyky robot ilkinji gezek baş keşbi janlandyrar.