Robert Habek Germaniýanyň Kansleriniň wezipesine dalaşgärlige hödürlendi

Robert Habek Germaniýanyň Kansleriniň wezipesine dalaşgärlige hödürlendi

Germaniýanyň Kansleriniň orunbasary we ykdysadyýet ministri Robert Habek Ýaşyllar partiýasyndan möhletden öňki saýlawlarda Kansleriň wezipesine dalaşgärlige hödürlendi. Bu barada Zeit neşirine salgylanýan MIR 24 habar berdi. Delegatlar Habegi dalaşgärlige partiýanyň Wisbadende geçen federal gurultaýynda saýladylar.

Noýabryň başynda Germaniýada ýurduň Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysy Kristian Lindler işden boşadylandan soňra, hökümet krizisi döredi. GFR-iň dolandyryjy koalisiýasyna girýän Sosial-demokratik partiýasy we Ýaşyllar, şeýle-de garşylykçy Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşikler topary 2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda möhletinden öňki Parlament saýlawlaryny geçirmek barada ylalaşdylar.

Häzirki Kansler Olaf Şolsuň hökümetine ynam wotumy boýunça ses berlişik 16-njy dekabrda bolmaly diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Olaf Şols gaýtadan dalaş etmekçi
Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Olaf Şols dalaşgärlige hödürlendi
Sosial-demokratlar partiýasy Bundestaga saýlawlarda üstün çykdy
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Möhletinden öňki saýlawlar geçiriler