
Aktýor Robert de Nironyň maşgalasy we ýakyn dostlary Nýu-Ýorka onuň doglan gününi baýram etmek üçin geldiler diýip, People neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Şäheriň garbanyşhanalarynyň birine aýdymçy Pol Makkartni we onuň aýaly, şeýle-de kinorežissýorlar Martin Skorseze we Frensis Ford Koppola, aktýorlar Leonardo di Kaprio hem-de Kristofer Uoken, kinoprodýuser Jorj Lukas, aktrisa Tiffany Çen dagy aktýory 80 ýaş toýy bilen gutlamaga ýygnandylar.
Özüniň kinodaky 60 ýyllyk işinde De Niro 130-dan gowrak filmde surata düşdi. Ol ilkinji gezek 1963-nji ýylda režissýor Braýan de Palmanyň Toý oturylyşygy atly filminde çykyş etdi.
Şu ýyl bolsa aktýoryň surata düşen Gül Aýyň ganhorlary we Atam bilen meýlis atly filmleri ekrana çykdy.