Robbo Klub bilen robototehnika we IT programmirleme dünýäsine aralaşyň

Robbo Klub bilen robototehnika we IT programmirleme dünýäsine aralaşyň

Robbo Klub 5 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin robototehnika we 13 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin IT programmirleme boýunça täze okuwlara ýazylyşyk yglan edýär.

Okuwlara gatnaşyjylar:

- berk programmirleme we enjamlary awtomatlaşdyrmak başarnyklaryny öwrenerler;

- jemgyýete peýdaly taslamalarda özbaşdak we topar bilen işlemek üçin gerek bolan başarnyklary ösdürerler;

- Akylly öý ulgamyny özleşdirerler, onuň mümkinçiliklerini hem-de ony özbaşdak durmuşa geçirmegiň usullaryny öwrenerler.

Mundan başga-da, çagalar programmirlemegi başdan öwrenmek, ilkinji programmirleme dilini saýlamak, şeýle hem öz saýtlaryny, oýunlaryny we ykjam programmalaryny döretmek üçin zerur bilimleri we başarnyklary öwrenerler.

Sapaklar hepdede 3 gezek 2 sagat dowam eder.

Şeýle hem Robbo Klubda tomusky okuwlar guralar. Tomusky okuwlaryň maksatnamasy we senesi barada has anyk maglumatlary almak üçin şu telefonlara jaň edip bilersiňiz: (+993 71) 14 17 80, (+993 71) 14 17 81.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

27 ýaşynda kuboksyz gelipdi, 27-nji kubogyny asmana göterdi
Lans Özbegistanyň milli ýygyndysynyň ýaş goragçysy bilen şertnama baglaşdy
Ahal okuw-türgenleşigini geçmek üçin Türkiýä gitdi
Messi Maýamide
Iş nokady Aşgabadyň ýaşaýjylaryny English club duşuşygyna çagyrýar
Gurban Berdiýewiň täze topary