Rimde bilim boýunça türkmen-italýan gepleşikleri geçirildi

Rimde bilim boýunça türkmen-italýan gepleşikleri geçirildi

Italiýa Respublikasynyň Bilim, uniwersitetler we gözleg ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow bilen ministriň diplomatik geňeşçisi Lamberto Mariýa Morussiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna eden sapary wagtynda gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişine, şeýle hem iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň düzgünleriniň we maddalarynyň ulanylyşyna syn berdiler.

Dürli ugurlar boýunça Italiýanyň uniwersitetlerinde tejribe alyşmak we türkmen talyplaryny taýýarlamak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Italiýada okaýan türkmen talyplaryna Italiýada tejribe geçmek üçin çakylyk geldi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak boýunça işjeň gepleşikleri geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Kipr Respublikasyna ilçi belledi
Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Italiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda täze wezipä bellenildi
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan we Italiýa ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çäreleri guramagy maslahatlaşdylar
Wenesiýada Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi